Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty düýpli we toplumlaýyn tejribe-usulyýet barlaglaryny alyp barýan ýöriteleşdirilen ylmy edara bolup durýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň tassyklanan Düzgünnamasyna laýyklykda institut aşakdaky wezipeleri çözmek ugrunda işleri alyp barýar:
- ýertitremeleriň taýýarlyk hadysasy hem-de häzirki zaman geodinamik hadysalar bilen bagly bolan üýtgeşmeleri öwrenmek maksady bilen gözegçilikler usulyýetini işläp düzmek, seýsmik işjeňligiň, geofizik meýdanlaryň, flýuidodinamik we geohimik ululyklaryň (parametrleriň) monitoringini kämilleşdirmek we geçirmek;
- düzgünli gözegçilikleriň we monitoring maglumatlarynyň netijeleriniň esasynda ýertitreme ojagynyň fizikasy, sebit seýsmologiýasy we ýer gabygynyň häzirkizaman geodinamikasy boýunça düýpli we amaly barlaglary alyp barmak;
- seýsmik howpa baha bermegiň (şol sanda, Türkmenistanyň çäkleriniň seýsmik depginliliginiň (intensiwliginiň) şkalasyny) ylmy usullaryny işläp düzmek, çäkleri dürli giňişlik derejelerinde seýsmik etraplaşdyrmak (umumy, jikme-jik we mikroetraplara bölmek);
- tehnogen ýertitremeleriň bolup bilmek ähtimallygyny kesgitlemek maksady bilen gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň senagat taýdan işlenilýän etraplarynyň we gurluşyk obýektleriniň alnyp barylýan ýerleriniň geodinamikasyny we seýsmik işjeňligini öwrenmek;
- ýertitremeleriň öňünden bolup geçýän anomal hadysalary gözlemek maksady bilen litosfera-ionosfera baglanyşyklaryny öwrenmek;
- gurluşyk üçin saýlanyp alnan meýdançada inženerçilik-geologik gözlegleri geçirmek, şol meýdançalaryň inženerçilik-geologik şertlerini we inženerçilik-seýsmologik häsiýetlerini toplumlaýyn öwrenmek we seýsmikligi barada netijenamalary bermek;
- Seýsmologik maglumatlar we ylmy barlaglaryň netijelerini alyşmak ulgamynda halkara seýsmologik guramalar we merkezler bilen hyzmatdaşlyk etmek.
TYA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň wezipe sanawy aşakda görkezilen bölümlerden ybarat:
-
Ylmy-barlag barlaghanalary:
- Seýsmiki işjeňligiň monitoring barlaghanasy;
- Geofiziki gözegçilik barlaghanasy;
- Häzirki zaman geodinamika we atmosferanyň fizikasy barlaghanasy;
- Barlaglaryň inžener-geologiýa usullary we geodeziki barlaglar barlaghanasy.
-
Seýsmik gulluk:
- Stasionar seýsmik stansiýalar (21);
- Göçme seýsmik stansiýalar (18);
- Seýsmiki beketler (14);
- Toparlar (8):
- Düzgünli geodeziki gözegçilik topary;
- Düzgünli grawimagnit gözegçilik topary;
- Elektromagnit we guýy gözegçilikler topary;
- Göçme seýsmiki stansiýalar we güýçli ýer süýşmeleri öwrenmek boýunça topar;
- Maglumatlaryň üstünde işlemek boýunça topar;
- Inžener-tehniki topary;
- Balkanyň toplumlaýyn geofiziki topary;
- Telekommunikasiýalar we maglumat howpsuzlygy topary.
Seýsmogeofizik, geodezik, gidrogeologik gözegçilikleri geçirmek üçin iki sany geodinamik synag meýdany döredildi: Aşgabat we Balkan geodinamik synag meýdanlary.
Türkmenistanyň seýsmologlary aýry-aýry şäherleriň seýsmikligi baradaky maglumatlary toplamak we täzelemek, işjeň kesimleri ýüze çykarmak we öwrenmek, seýsmik işjeň ýerlerde meýdan barlaglaryny alyp barmak, geomaglumatlar binýadyny hem-de ýertitremeler katalogyny döretmek, seýsmik howpuň ähtimallykly seljermesini geçirmek, ýertitremeleriň öňünden duýduryjylaryny ýüze çykarmak işlerini alyp barýarlar.
