Halkara hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň halkara hyzmatdaşlygy

Institutda seýsmologiýa maglumatlary we ylmy barlaglaryň netijelerini alyşmak ulgamynda halkara seýsmologiýa guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn uly üns berilýär. Institut 5 şertnama, 2 Ylalaşyk, 3 Ähtnama baglaşdy şeýle hem 4 Döwlet maksatnamasyna gatnaşýar. Institut Oksford we Kembrij uniwersitetleriniň alymlary bilen bilelikde «Serhetsiz–ýer titremeler» taslamasynyň çäklerinde ylmy barlaglary amala aşyrýar.


ERMENISTAN RESPUBLIKASY


Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda seýsmiki goraglylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk hereket edýär, oňa 2012-nji ýylyň 29-njy noýabrynda gol çekildi. Ylalaşygyň çäklerinde 2017-nji ýylda Ermenistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýa instituty bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekildi. Şertnamanyň çäklerinde aşakdaky ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär: bilelikdäki ylmy-barlag maksatnamalary we taslamalary döretmek hem-de durmuşa geçirmek; usulyýet işläp taýýarlamalary, geologiýa-geofizika maglumatlary we yzygiderli geçirilýän seýsmologiýa gözegçilikleriniň maglumatlaryny alyşmak; bilelikde häzirkizaman geofizika enjamlarynyň önümçiligini guramak.

Ermenistan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inženerçilik seýsmologiýasy institutynyň direktory D.K. Karapetýanyň Türkmenistana bolan iş saparynyň dowamynda gurluşyk meýdançalarynyň inženerçilik-geologiýa şertlerini öwrenmek hem-de binalaryň Arkadag şäheriniň çäkleriniň seýsmiki ýagdaýyna täsirine baha bermek maksady bilen “Ermeni-türkmen dostlugynyň ykrarnamasy hökmünde Arkadag şäherini seýsmiki mikroetraplaşdyrmak hakynda sertifikat” gowşuryldy.

Ermenistan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň direktory D.K.Karapetýan 2025-nji ýylyň iýun aýynda institutymyzda bolup “Ermenistanyň sanly seýsmiki stansiýalary” temasy boýunça seminar geçirdi. Onda Ermenistanda öndürilen häzirki zaman sanly seýsmiki stansiýalary Türkmenistanda peýdalanmagyň hem-de ýurdumyzyň çäginde gurnamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


AWSTRIÝA


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky “Türkmenistanyň çäklerinde Ýadro ýaraglarynyň synaglaryny ählumumy gadagan etmek hakynda Şertnama boýunça guramanyň (CTBTO) Halkara ulgamynyň seýsmologiýa stansiýalaryny döretmek we olaryň işlemegi hakynda” № 9207 Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň YA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty CTBTO-nyň ygtyýarlandyrylan we ygtyýarlandyrylandan soňky işi synamak, baha bermek boýunça Wagtlaýyn Tehniki müdiriýeti bilen şertnama baglaşdy.

BMG bilen Türkmenistanyň çäklerinde halkara monitoring ulgamyna girýän seýsmologiýa stansiýasynyň ýerleşýändigi bilen baglylykda ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek hakynda Şertnamanyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça hyzmatdaşlyk dowam etdirildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň işgäri 10 - 12-nji noýabr aralygynda Wena şäherinde geçirilen Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasydy (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşdy. Institutyň wekili plenar mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny nygtamak bilen, oňa halkara ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak ulgamynyň esaslarynyň biri hökmünde garaýandygyny belledi. Türkmenistanyň halkara monitoringiň ulgamyna gatnaşmak meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara monitoring ulgamynyň (IMS) düzümine girýän we maglumatlary halkara maglumat merkezine ygtybarly ugradylmagyny üpjün edýän PS44 «Alibek» Ilkinji seýsmiki stansiýasynyň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle-de ylmy-tehniki mümkinçilikleri berkitmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli maglumat merkezini ösdürmegi dowam edýändigi hem-de CTBTO-nyň okuw we taýýarlyk maksatnamalaryna işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda sebit ýurtlarynyň Milli maglumat merkezleriniň hünärmenleri üçin sebitleýin okuw sapaklaryny geçirmäge taýýardygy mälim edildi. Halkara monitoring ulgamynyň (IMS) düzümine girýän we maglumatlary halkara maglumat merkezine ygtybarly ugradylmagyny üpjün edýän PS44 «Alibek» Ilkinji seýsmiki stansiýasynda meýilleşdirilen hyzmat ediş işlerini geçirmek üçin CTBTO-nyň bilermenler topary Türkmenistanda saparda bolar.


ÝAPONIÝA

Ýapon Halkara Hyzmatdaşlygy agentligi bilen bilelikde “Aşgabat şäherinde we onuň daş töweregindäki çäklerde seýsmologik gözegçilikler ulgamyny döwrebaplaşdyrmak” Taslamasyny amala aşyryldy. Bu Taslamanyň esasy çäreleri seýsmiki monitoringi geçirmegiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, häzirki zaman seýsmologiýa enjamlarynyň özleşdirilmegine gönükdirilendir.

2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Yaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasy (JICA) bilen "Aşgabatda we onuň töwereginde seýsmologiki gözegçilikleri gowulandyrmak" atly bilelikdäki taslama tamamlandy.

Taslamanyň netijeleri:

1. Hakyky wagt tertibinde güýçli hereketlere gözegçilikleri geçirmegiň netijesinde alnan maglumatlary peýdalanylyp, olaryň instrumental seýsmiki işjeňligini, episentriň ýerleşýän ýerini we magnitudasyny kesgitlemegiň ulgamy döredildi.

2. Ýerüsti barlaglar üçin zerur bolan geofiziki enjamlar saýlanyp alyndy we satyn alyndy, synag zolagyndaky gipotetiki ýer titremäniň seýsmiki intensiwligini meýdan babatda hasaplamak tehnologiýasy geçirildi.

3. Hakyky wagt tertibinde seýsmiki gözegçilikleriň sanly ulgamy ulanmaga berildi.

4. Hakyky wagt tertibinde topragyň güýçli hereketlerine gözegçilik etmegiň sanlylaşdyrylan ulgamy işe girizildi.

5. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde üç nokatda sanly giň zolakly seýsmometrler gurnaldy, olar hakyky wagt tertibinde Seýsmologiýa institutyna maglumatlary geçirýär, şeýle hem Seýsmologiýa institutynyň tizlik görnüşli seýsmometriniň maglumatlary boýunça episentri kesgitleýän ulgam döredildi. Gözegçilik ulgamy döredilip, gözegçilik nokatlary amatly ýagdaýda ýerleşdirildi, gözegçilik we aragatnaşyk üçin has netijeli enjam saýlanyp alyndy we satyn alyndy.

6. Aşgabat şäheriniň 11 bekedinde topragyň güýçli hereketlerine gözegçilik tory döredildi, olary optika süýümli aragatnaşyk ulgamy arkaly birikdirmek bilen bolsa, hakyky wagt tertibinde instrumental seýsmiki işjeňlige gözegçilik etmegiň ulgamy döredildi.

7. Seýsmologiýa institutyny seýsmiki stansiýalar bilen birleşdirýän hemra we optika süýümli aragatnaşykdan ybarat, maglumatlary geçirmek ulgamy döredildi. Gözegçilik nokatlaryndaky ýagdaýa baglylykda, PLC tehnologiýasy boýunça radioreliýe ulgamy goşuldy.




BMG

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy instituty BMGÖM-iň "Seýsmiki töwekgelçiligi bahalandyrmak, bolup biljek ýer titremeleriniň öňüni almak we olara garşy milli mümkinçilikleri artdyrmak" taslamasy boýunça iş alyp bardy.

Bu taslamanyň çäginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy instituty gözleg, seýsmiki baha bermek we binalaryň seýsmiki garşylygy, şeýle hem degişli programma üpjünçiligi üçin häzirki zaman kompýuter we sanly barlaghana enjamlary bilen üpjün edildi.

Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek, bolmagy mümkin ýertitremeleri duýdurmak we olara taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak” Taslamasynyň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin “Seýsmiki töwekgelçilik” atly okuw-usulyýet gollanmasy işlenip taýýarlanyldy. Geologiýa, geofizika we seýsmologiýa adalgalarynyň 2000 müňden gowragyny özünde jemleýän iňlis-rus-türkmen dillerinde düşündirişli sözlük ilkinji gezek taýýarlanyldy. Ýöriteleşdirilen okuwlar işjeň ýagdaýda geçirildi, okuwlara taslama we ylmy edaralaryň, birnäçe okuw mekdepleriniň hünärmenleri, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmek ulgamynda iş alyp barýan ugurdaş ministrlikleriň wekilleri gatnaşdylar.


TAJIGISTAN


2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Tajigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň we Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Geologiýa, seýsmiki durnukly gurluşyk we seýsmologiýa institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnama iki ýurduň hünärmenleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine täze badalga berer.


HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY


2017-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň we Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Geodeziýa we geofizika institutynyň hem-de Hytaýyň Seýsmologiýa müdirliginiň Seýsmologiýa institutynyň alymlarynyň arasynda ýakyn özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Taraplar geljekde özleşdiriljek çäkleri mikroseýsmiki etraplaşdyrmak, şeýle hem bolup geçen güýçli ýer titremeler barada tiz duýdurmak ulgamy hem-de onuň bilen baglanyşykly seýsmiki töwekgelçilikleriň azaldylmagy, nebit we gaz geçirijilerine seýsmiki monitoring ýaly özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki tagallalary birleşdirmegi maksat edinýärler, şunda bu işler ýokary netijeli häsiýete eýe bolardy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty we Hytaýyň Ýer titremeler administrasiýasynyň Seýsmologiýa instituty Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdiler.