
Feb. 23, 2026, 6:36 a.m.
Halkara seminar
2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda «Heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini azaltmak ulgamynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly Halkara seminar ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Bu seminara Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýöriteleşdirilen bölümleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, Adatdan daşary ýagdaýlar müdürliginiň wekilleri, (JICA) Ýapon Halkara Agentliginiň hünärmenleri, beýleki gyzyklanýan edaralar, guramalar we seýsmologiýa pudagynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) “Seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermekde, bolup biläýjek güýçli ýer titremeleri duýdurmakda hem-de olar boýunça degişli çäreleri görmekde Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak” atly taslamanyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 16-20-nji iýunynda Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň G.A.Möwlänow adyndaky Seýsmologiýa institutynda geçirilen okuw maslahatyna TYA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň 5 sany işgäri gatnaşyp, kärdeşleriniň tejribesini öwrendiler, hünär derejesini artdyrdylar we tejribe alyşdylar. 2025-nji ýylyň 10-20-nji noýabr aralygynda institutyň dört wekili Gazagystan Respublikasynyň Saty şäherinde geçirilen “Seýsmiki geologiýa we işjeň çatlamalaryň howpy” atly seminara gatnaşdylar. Seminar Beýik Britaniýanyň Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň Merkezi Aziýa sebitinde seýsmiki howp hem-de Beýik Britaniýanyň Ýertitremeleriň, wulkanlaryň we tektonikanyň gözegçilikler we modelirlemek merkeziniň maksatnamasynyň çäklerinde Oksford uniwersitetiniň Ýer hakynda ylymlar departamenti tarapyndan guraldy. 2025-nji ýylyň 17-28-nji noýabry aralygynda ýurdumyzda ýerleşýän PS44 Alibek seýsmiki stansiýada ulanylýan enjamlary abatlamak we täzelemek boýunça degişli işleri geçirmek maksady bilen iş saparyna ugradylan, Ýadro synaglary Ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy Guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň Wagtlaýyn tehniki sekretariatynyň hünärmenleri instituta geldiler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ylym we bilim ministrliginiň Dolandyryş ulgamlary institutynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekildi. Ähtnamanyň çäklerinde Türkmenistanda ýertitremeleri çaklamakda peýdalanylýan seýsmoakustiki güwwüldilere seljerme berýän RNM ASP seýsmiki stansiýalaryň toruny döretmek we ony ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işleri geçirmek meýilleşdirilýär. 2025-nji ýylyň 28-nji iýulynda Baku şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara azerbaýjan-türkmen toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Mejlisde iki ýurduň ylymlar akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, maslahatlary we simpoziumlary we beýleki çäreleri geçirmegi dowam etmek tabşyryldy. Olaryň hatarynda Hazar deňziniň seýsmilik derejesini bilelikde öwrenmek, ýertitremeleriň bolup geçýän salgylaryny anyklamak üçin seýsmiki stansiýalaryň maglumatlaryny alyşmak ýaly işler bar.
